24― 25-nji maýda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda «Ak şäherim Aşgabat» atly XX köpugurly halkara sergisini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu sergi Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli geçiriler. Şeýle hem ol Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30, hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny, 2021-nji ýylyň «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegini has-da dabaralandyrar. Sergini Aşgabat şäher häkimligi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guraýar.
Sergä ykdysadyýetiň dürli ugurlary boýunça iş alyp barýan içerki kompaniýalardyr edaralar bilen birlikde daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri hem gatnaşar.
Sergide türkmen paýtagtynyň ähli babatda ösüşlerini görkezmek meýilleşdirilýär. Bu sergi daşary ýurt kompaniýalaryna bolsa täze hyzmatdaşlary tapmaga ýardam berer.
Sergä gatnaşmak üçin aşakdaky salgylar bilen habarlaşmaly:
Aşgabat şäher häkimligi: telefon (+99312) 920424; faks (+99312) 922815. E-poçta: ird.ashgabat@gmail.com, ash.saheri@gmail.com, ach@online.tm.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy: telefon (+99312) 398883, 398887; faks (+99312) 398979. E-poçta: display@cci.gov.tm. Resmi web saýt: www.cci.gov.tm.