Arslanmyrat Amanow «Sogdiananyň» nobatdaky ýeňşine goşant goşdy

13:3906.05.2021
0
2967
Arslanmyrat Amanow «Sogdiananyň» nobatdaky ýeňşine goşant goşdy

Özbegistanyň futbol çempionatynyň 7-nji tapgyrynda «Sogdiana» «Metallurgy» myhmançylykda 2:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk Bekabad stadionynda geçirildi.

Myhman topar 42-nji minutda Şahboz Jurabekowyň, 86-njy minutda bolsa Marko Kolakowiçiň geçiren pökgüleri bilen ýeňiş gazandy.

«Sogdiananyň» türkmenistanly ýarym goragçysy Arslanmyrat Amanow duşuşyga ätiýaçdaky oýunçylaryň hatarynda başlady. 74-nji minutda oýna giren ildeşimiz 86-njy minutdaky kelle pasy bilen Marko Kolakowiçiň tapawutlanmagyna uly goşant goşdy.

Ýedi duşuşykda 15 utuk toplan «Sogdiana» häzir ýaryş tertibiniň ikinji basgançagynda.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň