Türkmenistanly agyr atletikaçylar Aziýa çempionatynda dört medal gazandy

23:3725.04.2021
0
12374

Geçen ýekşenbede Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilen agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty tamamlandy. «Özbegistan» sport toplumynda geçirilen yklym ýaryşy yklymyň iň güýçli agyz atletikaçylaryny özünde jemledi.

Çempionata Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy hem gatnaşdy. Agram derejeleriniň birnäçesinde gatnaşan türgenlerimiz medallaryň jemi dördüsini gazandylar.

Has takygy, türkmenistanly agyr atletikaçylaryň arasyndan zenanlaryň arasynda 71 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Gülnabat Kadyrowa bilen erkekleriň arasynda 73 kilograma çenli agram derejesinde Maksat Meredow kümüş medala mynasyp boldy. Ýurdumyzyň agyr atletikaçy 81 kilograma çenli agram derejesinde bolsa hem erkekleriň, hem zenanlaryň arasyndaky ýaryşda bürünç medal gazandylar. Olary Rejepbaý Rejebow bilen Aýsoltan Toýçyýewa gazandy. Bu netije biilen ýurdumyzyň ýygyndysy toparlaýyn 10-njy orny eýeledi.

Yklym çempionatynda iň ýokary netijäni Hytaý Halk Respublikasynyň türgenleri gatnaşdylar. Olar Daşkentden Watanyna alty medallaryň 10-sy, kümüş medallaryň 5-si we bir sany bürünç medal bilen dolandylar. Şeýle hem toparlaýyn ýaryşda ikinji orny Eýranyň (3-1-0), üçünji orny bolsa Taýwanyň (2-0-0) türgenleri eýeledi. Ýer eýeleri ― Özbegistanyň ýygyndysy bir altyn, 2 kümüş we 3 bürünç medal gazandy.

17-nji aprelde başlanan ýaryşlar erkekleriň arasyndaky 49-njy, zenanlaryň arasynda bolsa 30-njy Aziýa çempionatydyr. Yklym ýaryşynda gazanylan netijeler agyr atletikaçylaryň Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagyna täsirini ýetirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň