Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda demir ýol peteklerini onlaýn satmak gaýtadan ýola goýuldy

09:4220.04.2021
0
34048

Gaýtadan ýola goýlan demir ýol peteklerini railway.gov.tm internet saýtynda, şeýle hem Android we iOS üçin niýetlenen ykjam programmalar arkaly satyn alyp bolýar. «Play Market-de» ýerleşdirilen Android ulgamda işleýän ykjam enjamlar üçin niýetlenen programmanyň iň soňky wersiýasyny almaly, sebäbi iň soňky wersiýada COVID-19 üçin geçirilen negatiw synagyň şahadatnama belgisini girizip bolýar.

Ýolagçy başga bir welaýata gitmeli bolsa, şahadatnama belgisini soraýan bölüm indi peýda bolmaz. Ýolagçynyň haýsy welaýata degişlidigi onuň pasport belgisi (I-AS, I-BN, I-LB we ş.m.) bilen kesgitlener. iOS ulgamy üçin hem şuňa meňzeş täzelenme işlenip düzülýär.

Petekleri onlaýn satyn almak üçin pasport maglumatlary, “Altyn Asyr” bank karty, (“Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň we Daşary ykdysady iş bankynyň kartlaryny ulanmak arkaly), CVC kart kody we COVID-19 üçin negatiw synag şahadatnamasynyň belgisi gerek. Petek Android we iOS ykjam programmalary arkaly satyn alnanda, onuň bir nusgasy programmanyň özünde saklanýar we elektron salgysyna iberilýär. Eger-de petek web saýtdan satyn alynsa, tölegden soň petegiň özüni PDF görnüşinde göçürip almak üçin görkeziler we elektron salgysyna iberiler.

Ýolagçylar otla münenlerinde, ýolbelede peteklerini ykjam enjamlarynda ýa-da priterde çap etdirmek arkaly görkezip bilerler. Eger-de käbir sebäplere görä, ýolagçy petegini çap etdirip ýa-da ykjam enjamynda görkezip bilmese, ýolbelet skaner ulanmak arkaly ýolagçynyň oturjak ýerini kesgitläp biler.

Bu ulgam ähli welaýat merkezlerinde, şäherlerde we etraplarda işleýär. Hyzmaty ulanmak üçin internete girmek ýeterlikdir.

Petekleri otlynyň gidýän gününden 5 gün öň satyn alyp bolýar.

1-nji maýa çenli Türkmenabat — Aşgabat — Türkmenabat we Aşgabat — Daşoguz — Aşgabat gatnawlarynyň SV bölümine petek satyn almak mümkin bolar.

Mari — Serhetabat — Mary we Amyderýa — Gazojak — Amyderýa gatnawlary üçin ätiýaçdaky orunlara petek satyn alyp bolar.

Otly gatnawynyň häzirki rejesi bilen şu salgydan tanşyp bilersiňiz.

Has giňişleýin maglumat üçin ýolagçylara hyzmat ediş merkezine şu telefon belgileri arkaly ýüz tutup bilersiňiz:

+993 12 383273; +99312 383274; +993 383275.

Onlaýn bilet satmak hyzmaty «Asman oky» kompaniýasy we «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen bilelikde döredildi.

Türkmenistanda onlaýn petek satuw hyzmaty 2019-njy ýylyň 1-nji iýunynda başlandy. 2020-nji ýylyň 16-njy iýulynda onlaýn petekleriň satuwy wagtlaýyn togtadyldy.

Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň