Türkmenistanda ýene bir ugra otly gatnawy açyldy

20:2830.03.2021
0
100265

2021-nji ýylyň 1-nji aprelinden bildirilýän talaplary berjaý etmek şerti bilen, synag hökmünde, hepde-de 2 gezek — hepdäniň çarşenbe güni Aşgabat — Mary — Türkmenabat, hepdäniň penşenbe güni Türkmenabat — Mary — Aşgabat ugurlary boýunça demir ýol gatnawy ýola goýlar. Şeýle hem hepde-de bir gezek Aşgabat — Daşoguz ugry boýunça ýekşenbe güni, hepdäniň duşanbe güni Daşoguz — Aşgabat ugry boýunça demir ýol gatnawy dikeldiler. Bu barada «Demirýollary» AGPJ habar berýär.

Şeýle hem welaýatara we şäherara demir ýol gatnawlary boýunça beýleki ugurlara girizilen wagtlaýyn çäklendirmäniň möhleti 2021-nji ýylyň 15-nji apreline çenli uzaldyldy.

Ýokarda görkezilen ugurlar boýunça ýolagçy biletleri häzirki wagtda diňe bilet satyş kassalarynda resmileşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň