Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýaponiýada halas ediş işleri üçin üç metrlik adampisint robot dörediler

15:0122.07.2025
0
22899
Ýaponiýada halas ediş işleri üçin üç metrlik adampisint robot dörediler
Surat: Russia Japan Society

Waseda uniwersiteti ýapon kompaniýalary bilen bilelikde, halas ediş işleri üçin adamsypatly üç metrlik roboty döretmäge girişer. Onuň agramy 300 kilogram bolup, sagatda 5 km tizlikde hereket eder hem-de 100 kilogramdan hem köp ýüki göterer.

Täze robot tebigy heläkçilikleriň, mysal üçin, Ýaponiýada häli-şindi döreýän ýer yranmalaryň netijelerini aradan aýyrmak üçin ulanylar. Ol ýykylan binalaryň harabalaryny tiz arassalamaga hem-de heläkçilik bolan ýerlerde kömek etmäge ukyply bolar diýlip, habarda bellenýär.

Ilkinji robotyň 2026-njy ýylda peýda bolmagyna garaşylýar. Ol 2029-njy ýylda köpçülikleýin öndürilip başlanar. Enjamy döredijiler taslamanyň Ýaponiýanyň adam sypatly robot tehnikasy ulgamynda öňdäki orny gaýdyp almagyna mümkinçilik berer diýip umyt edýärler.

Bu barada «Kyodo» neşirine salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň