Soňky habarlar

Arhiw

Astrahandaky Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän mekdepde sport hepdeligine badalga berildi

23:4302.04.2021
0
2650
Astrahandaky Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän mekdepde sport hepdeligine badalga berildi

Şu gün Russiýanyň Astrahan oblastynyň Priwolžsk raýonynyň Funtowo obasynda ýerleşýän Magtymguly Pyragy adyndaky mekdepde 5 ― 8-nji synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda sport hepdeligine badalga berildi. Bu barada Türkmenistanyň Astrahandaky konsulluk edarasy habar berýär.

Çäräni Konsullyk bu mekdep bilen bilelikde guraýar. Hepdelik Bütindünýä saglyk gününe we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy. Onuň çäginde mekdep okuwçylarynyň arasynda sportuň birnäçe görnüşi boýunça ýaryşlar geçiriler. Ýeňijileri sylaglamak dabarasy 7-nji aprelde bolar.

Türkmenistanyň serişdeleriniň hasabyna gurlan bu mekdebiň 2019-njy ýylda açylyp, ulanylmaga berlendigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň