«Ahal» düzümini Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň ýarym goragçysy bilen güýçlendirdi

18:5630.03.2021
0
6358

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy erkin oýunçy hökmünde «Altyn asyrdan» «Ahala» geçdi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berdi.

1997-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Bäherden etrabynyň Ýarajy obasynda doglan futbolçy Aşgabadyň «Altyn täç» çagalar futbol toparynyň uçurymydyr. Ol 2014-nji ýylda «Altyn asyryň» düzümine goşulyp, bassyr ýedi gezek ýurdumyzyň çempiony boldy.

Geçen ýyl möwsümde 24 duşuşyga gatnaşan Resul Hojaýew 1830 minut meýdanda galdy.

Ol Türkmenistanyň ýetginjekler, ýaşlar we milli ýygyndylarynyň ählisinde çykyş etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň