Maý aýynda Türkmenistanda nähili çäreler geçiriler?

10:0026.04.2024
0
10988

Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanda nähili medeni çäreler geçiriler? "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, olar barada 25-nji aprelde sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowanyň hasabatynda aýdyldy.

Hasabatda bellenilişi ýaly, indiki aýda baýramçylyklar we şanly seneler mynasybetli dürli maslahatlary, "tegelek stoluň" başyndaky söhbetdeşlikleri, döredijilik duşuşyklaryny, sergileri, konsertleri, wagyz-nesihat çärelerini guramak, şeýle hem ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemini jemlemek göz öňünde tutulýar.

9-njy maýda 1941 --- 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni mynasybetli Aşgabatda we welaýatlarda dabaralar geçiriler.

16-njy maýda Aşgabatda TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem Aşgabat şäheriniň güni, okuw ýylynyň tamamlanmagy we "Soňky jaň" dabarasy mynasybetli baýramçylyk çäreleri guralar.

24-25-nji maýda Söwda-senagat edarasynda "Ak şäherim Aşgabat" atly XXIII köpugurly halkara sergi geçiriler.

26-njy maýda Türkmen halysynyň milli muzeýinde Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi, Söwda-senagat edarasynda Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisi geçiriler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda bellenilýän baýramlar we şanly seneler bilen baglanyşykly şu ýylyň maý aýynda geçiriljek esasy çäreleri giňden beýan etmek üçin zerur işleri alyp barmagyň wajypdygyny nygtady.

--- Ulanmaga berilýän medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralaryna gowy taýýarlyk görmek, Ýeňiş güni, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni, şeýle hem Aşgabat şäheriniň güni, Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralary we maý aýynda guraljak beýleki çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek zerurdyr --- diýip, döwlet Baştutany aýtdy we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň