Türkmen režissýory Sahysalyh Baýramowyň «Daragt» atly filmi XVII «Ýewraziýa» halkara kinofestiwalynyň bäsleşik maksatnamasyna girizildi. Kinofestiwal 24 — 30-njy noýabr aralygynda Almaty şäherinde geçiriler.
«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň ýazmagyna görä, kinofestiwalda şeýle-de Aşgabatda geçirilen «Gorkut ata» IV halkara film festiwalynda «iň gowy çeper film» diýlip ykrar edilen «Magtymguly Pyragy» türkmen-özbek filmi hem bäsleşige hödürleniler.
Kinofestiwal dünýäniň 15 döwletinden režissýorlary, aktýorlary, filmleriň edebi esasyny ýazyjylary, kino tankytçylaryny we kino sungatyna hormat goýýanlary bir ýere jemlär. Ýewropadan, Aziýadan we Ýakyn Gündogardan gelen myhmanlar onda öz işlerini görkezerler.
Ýeri gelende bellesek, bäsleşige gatnaşýanlar Kan, Berlin we Wenesiýa ýaly abraýly festiwallarda eýýäm ykrar edilen işlerini, şeýle hem kinematografiýa ýoluna ýaňy düşen filmlerini hödürlärler. Bu ýyl halkara kinofestiwalyň bäsleşik maksatnamasyndan 12 film orun alypdyr.
Mundan ozal «Daragt» atly türkmen filmi XVII Çeboksariýa halkara kinofestiwalynda eminleriň ýörite baýragyna mynasyp bolupdy.