Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär

10:0519.11.2024
0
4959

Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär. Bellenilişi ýaly, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda bilelikdäki medeni çäreleriň yzygiderli geçirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Şu gezekki döredijilik çäresi hem munuň aýdyň güwäsidir.

Medeniýet günleriniň açylyş dabarasynyň çäklerinde Mukamlar köşgüniň eýwanynda dostlukly ýurduň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi guraldy. Onda özbek halkynyň özboluşly däp-dessurlaryny, tebigatynyň gözelligini we taryhyny beýan edýän eserler görkezildi.

Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ugurdaş edaralarynyň, daşary döwletleriň ýurtdaky diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Türkmenistanyň döredijilik işgärleri gatnaşdylar. Dabaradaky çykyşlarda milli medeniýetleriň we sungatlaryň, bu ugurdaky netijeli gatnaşyklaryň ösmegine itergi berýän ynsanperwer hyzmatdaşlyk syýasatynyň durmuşa geçirilýändigi üçin iki dostlukly ýurduň döwlet Baştutanlaryna tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi. Bellenilişi ýaly, şu günki döredijilik çäresi, bilelikde geçirilen medeni çäreleriň ählisinde bolşy ýaly, iki ýurduň arasyndaky dialogyň täze ugurlaryny açyp, medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda möhüm ädimdir.

Soňra bu ýerde özbek sungat ussatlarynyň konserti boldy.

Döredijilik çäresiniň çäklerinde 19-njy noýabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda iki ýurduň ýazyjylarynyň we şahyrlarynyň gatnaşmagynda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyraga bagyşlanan döredijilik duşuşygy guralar. Şeýle hem Aşgabatdaky «Daşkent» seýilgähinde Özbegistanyň sungat ussatlarynyň konserti, özbek lybaslarynyň görkezilişi, milli tagamlaryň we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyrylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň