Soňky habarlar

Arhiw

Şu ýyl Türkmenistanda 2100 tonna pile öndüriler

23:2812.03.2021
0
4681
Şu ýyl Türkmenistanda 2100 tonna pile öndüriler

Şu gün geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew döwlet Baştutanyna pile öndürmek möwsümine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi. Oňa laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan welaýatlaryň häkimlikleri bilen pile öndürmek boýunça şertnamalary baglaşmak, ýurdumyzyň daýhan birleşiklerini we beýleki pile öndürijilerini ýüpek gurçugynyň ýokary hilli tohumlary bilen üpjün etmek meýilleşdirilýär. Şu ýyl ýurdumyz boýunça 2 müň 100 tonna pile öndürmek göz öňünde tutulýar. Şol sanda Ahal welaýatynda 155 tonna, Balkan welaýatynda 25 tonna, Daşoguz welaýatynda 500 tonna, Lebap welaýatynda 1010 tonna, Mary welaýatynda 410 tonna çig pile öndürmegi üpjün etmek tabşyryldy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2021-nji ýylda pile öndürmek hakyndaky Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi we ýüpekçi kärendeçileriň dokma toplumyna zerur bolan gymmatly çig maly taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmekleri üçin ähli zerur şertleri döretmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň