Türkmenistanyň Prezidenti Uçarmansyz uçýan enjamlaryň merkezine bardy

23:5215.02.2021
0
13971

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Uçarmansyz uçýan enjamlaryň merkezine bardy.

Bu ýerde döwlet Baştutanyna uçarmansyz uçýan enjamlaryň dürli görnüşleri, olaryň häsiýetli aýratynlyklary barada gürrüň berýän şekiller görkezildi. Habar berlişi ýaly, ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň ýaşaýyş jaýlarynda, durmuş maksatly we edara binalarynda oturdylýan tüsse anyklaýjy enjamlaryň önümçiligi ýola goýuldy. Ýangyn howpsuzlygynyň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýeti bolan döwrebap enjamlaryň önümçilik işi, olaryň önümçiliginde ulanylýan serişdeler barada gürrüň berýän wideoşekiller görkezildi.

Hünärmen binanyň eýwanynda oturdylan monitor arkaly merkezde alnyp barylýan işler bilen tanyşmak mümkinçiliginiň bardygyny aýtdy. Bu ýerde ýerine ýetirilýän işler, uçarmansyz uçýan enjamlary ýasamak, olary uçurmak, enjamlara degişli serişdeleri taýýarlamak bilen baglanyşykly işler toplumlaýyn esasda alnyp barylýar.

Bu ýerde taýýarlanylýan enjamlaryň we beýleki ugurlara degişli serişdeleriň 3D görnüşde şekilini alyp, islendik enjamy ýasamaga mümkinçiligiň bardygy aýdyldy.

Milletiň Lideri bu ýerde Döwlet serhet gullugynda, Goranmak ministrliginde uçarmansyz uçýan enjamlar bilen bagly alnyp barylýan işler bilen hem tanyşdy.

Şeýle hem bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Uçarmansyz uçýan enjamlaryň merkeziniň gurluşygynyň baş meýilnamasynyň esasynda täze gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary bilen tanyşdyryldy. Şolaryň hatarynda uçarlaryň angarynyň, uçar binasynyň, awtoulag binasynyň, dolandyryş nokatly hem-de uçarlary awtomatik usulda dolandyrýan bölümleriň, syn ediş nokadynyň, merkeze degişli bolan ýyladyşhananyň hem-de elektrik bekediniň binalarynyň taslamalary görkezildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň