Turkmenportal logo
19.11.24
1523015230
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
10 aýda 145 müňden gowrak türkmenistanly Özbegistana syýahat etdi
Surat: caucasia.travel

2024-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda 145 müňden gowrak türkmenistanly syýahat etmek üçin Özbegistana bardy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentliginiň resmi saýtynda habar berilýär.


2024-nji ýylyň 10 aýynyň dowamynda Türkmenistan goňşy ýurda syýahat etmek üçin baran raýatlarynyň sany boýunça 5-nji orny eýeledi. Hasabat döwründe 145,1 müň türkmenistanly Özbegistana syýahat etdi.


Şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda Özbegistana baran syýahatçylaryň umumy sany 6,5 milliona deň bolup, olaryň aglabasynyň Merkezi Aziýa döwletlerinden, hem-de Russiýadan gelýändigini görmek bolýar. Hususan-da, hasabat döwründe Täjigistandan 1 million 878 müň, Gyrgyzystandan 1 million 870 müň, Gazagystandan 1 million 267 mü hem-de Russiýa Federasiýasyndan 686 müň syýahatçy Özbegistana gelipdir. Şeýlelikde, bu ýurtlar Türkmenistan bilen bilelikde sanawda ilkinji bäşligi emele getirýärler.