Braziliýanyň paýtagtynda düýn badalga alan «Uly ýigrimiligiň» (G20) sammitine 40-dan gowrak ýurt gatnaşýar. Bu barada ýurduň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa sosial ulgamdaky sahypasynda habar berdi diýip, TASS ýazýar.
«Açlyk we garyplyk ýaly wajyp temalardan başga-da, biziň ýurdumyzyň uly artykmaçlygy bolan energetiki geçiş, şeýle-de ählumumy dolandyryş barada gürrüň ederis. BMG öz çözgütleriniň berjaý edilmegi bilen baglylykda, özgertmelere mätäçdir» diýip, Prezident Luis Inasiu Lula da Silwa nygtady.
G20-niň sammiti şu gün – 19-njy noýabrda öz işini tamamlar.