18-nji dekabrda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Akylly» şäher: dolandyrmak, sanly, «akylly» we emeli aň tehnologiýalary, howpsuzlygy, ykdysadyýeti» atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada 15-nji noýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewanyň hasabatynda aýdyldy.
Hasabatda bellenilişi ýaly, halkara ylmy-amaly maslahat degişli ugurdaky işleri ulgamlaýyn esasda alyp barmak, Arkadag şäherinde «akylly» şäher konsepsiýasynyň tapgyrlaýyn ornaşdyrylyşyny we gazanylýan milli tejribeleri dünýä ýaýmak maksady bilen guralar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň ähli pudaklaryna sanly ulgamy hem-de innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýändigini, bu ugurda daşary ýurtly alymlar, hünärmenler bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini aýtdy.
Döwlet Baştutany halkara ylmy-amaly maslahaty guramak baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.