Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Bosniýa we Gersegowinanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Niýaz Çardakliýandan ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady. Şeýle hem iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işinde oňa üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda habar berilmegine görä, duşuşygyň dowamynda ilçi oňyn Bitaraplyk, deňhukuklylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, milli parlamentiň düzümi hem-de dürli ulgamlarda amala aşyrylýan özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy.
Duşuşygyň barşynda Bosniýa we Gersegowinanyň ilçisi iki ýurduň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.