Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen telekeçileri “Namaskar Eurasia Expo” onlaýn sergisine gatnaşmaklyga çagyrylýar

13:4515.02.2021
0
6636

2021-nji ýylyň 24-26-njy fewralynda “Namaskar Eurasia Expo” sergisi ikinji sapar onlaýn görnüşde geçiriler. Çäre Hindistan Respublikasynyň Söwda-senagat edaralarynyň federasiýasy (FICCI) tarapyndan Söwda we senagat ministrligi, şeýle hem Hindistanyň “Hindistan-Merkezi Aziýa” Işewür Geňeşiniň beýleki agza ýurtlaryndaky diplomatik wekilhanalary bilen hyzmatdaşlykda gurnalýar. Bu barada TSTB-niň resmi saýtynda habar berilýär.

“Namaskar Eurasia Expo” sergisi oba hojalyk we azyk senagaty, awtomobil şaýlary, gurluşyk we gurluşyk materiallary, gorag önümçiligi, bilim, saglygy goraýyş we farmasewtika, gidroenergetika, maglumat kommunikasiýalary we tehnologiýalary, dag-magdan senagaty we gazylyp alynýan peýdaly magdanlar, demir ýollary, dokma ýaly pudaklara gönükdirilendir.

Wirtual sergi işewürlik gatnaşygy üçin örän gowy mümkinçilik berer, sebäbi onuň maksatnamasynda B2B çäklerinde Işewürlik maslahatyny we duşuşyklary geçirmek, şeýle hem pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň, döwlet we hususy ulgamyň dürli guramalarynyň we kärhanalarynyň ýolbaşçylary bilen göni duşuşyklary meýilleşdirilýär.

Sergi muzdsuz esasda gurnalýar.

Bu çärä gatnaşmaga isleg bildirýän telekeçiler Türkmenistanyň söwda-senagat edarasyna ýüzlenip bilerler. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +99312 39-88-38.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň