Soňky habarlar

Arhiw

Mary şäherinde jemgyýetçilik kabul edişlikleri geçiriler

17:3106.02.2021
0
6228

2021-nji ýylyň 12-nji we 19-njy fewralynda Mary welaýatynyň adalat bölüminde raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler. Bu barada «Maru Şahu-Jahan» gazetinde habar berildi.

Neşiriň ýazyşy ýaly, kabul edişlige prkoraturanyň, kazyýetiň, aklawçylar kollegiýasynyň we welaýat häkimliginiň wekilleri gatnaşar.

Kabul edişligiň geçirilýän ýeri, Mary welaýatynyň adalat bölümi, Mary şäheri, Gökdepe köçesiniň 4-nji jaýy. Kabul edişlik ir sagat 9-dan 12-ä çenli bolar.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +993 (522) 7-05-01; +993 (522) 7-17-83.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň