Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow ýurtda atçylyk sporty boýunça ýaryşlary mundan beýläk hem kämilleşdirmegi tabşyrdy

23:4703.02.2021
0
9966

Türkmenistanyň oba hojalyk toplumynyň meselelerine bagyşlanan iş maslahatynda döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda atçylygyň birnäçe sport görnüşleriniň, şol sanda at çapyşyklarynyň, konkur, marafon ýaryşlarynyň giňden ýaýrandygyny hem-de “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň, atly ýöriş mekdebiniň bardygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti bular barada aýdyp, ahalteke bedewleriniň tapawutly aýratynlyklaryny has-da ýüze çykarmaga hem-de gazanýan görkezijilerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen şeýle ýaryşlaryň geçirilişiniň gerimini giňeltmek boýunça işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutany şu ýyl Mary welaýatynda geçiriljek Türkmen bedewiniň milli baýramyna hemmetaraplaýyn we ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmek barada degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň