Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan geljekde daşary ýurtlara hem dokma önümlerini elektron görnüşde satar

16:2023.01.2021
0
6410
Türkmenistan geljekde daşary ýurtlara hem dokma önümlerini elektron görnüşde satar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow 22-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna dokma önümleriniň elektron söwda binýadyny döretmek barada geçirilýän işler hakynda hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, häzirki wagtda elektron binýady döretmek işleri dowam edip, onuň sahypalarynda dokma nyşanlary, marketing hyzmatlary barada degişli maglumatlary ýerleşdirmek, şol sanda çykarylýan dürli dokma önümlerini satyn almak üçin elektron görnüşdäki sargytlary resmileşdirmek göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem birinji tapgyrda sargyt edilen dokma önümleriniň ýurdumyz boýunça eltilmegini, geljekde bolsa daşary ýurtlara iberilmegini guramak meýilleşdirilýär.

Elektron söwda binýady ýörite programmalar bilen üpjün ediler. Geljekde bu söwda binýadynyň daşary ýurtlaryň öňdebaryjy söwda ulgamlary hem-de ýurdumyzyň bu ugurda üstünlikli iş alyp barýan söwda ulgamlary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Bu taslamany Dokma senagaty ministrliginiň “Altyn asyr” harytşynaslyk merkeziniň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikdäki tagallalary bilen amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Täze elektron söwda binýadynyň işe girizilmegi “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça 2019-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda” hem-de “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” kesgitlenen işleri ýerine ýetirmäge, şeýle hem nagt däl hasaplaşyklar toplumyny giňeltmäge ýardam etmelidir diýip, hasabaty diňlän Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany dokma önümleriniň elektron söwda binýadyny döretmek boýunça işleri çaltlandyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň