Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça topar Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryna taýýarlyk barada mejlis geçirdi

11:2429.11.2020
0
10740

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparda ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryna taýýarlyk görmek meselelerine bagyşlanan mejlis geçirildi.

Oňa Merkezi saýlaw toparynyň agzalary, Merkezi saýlaw toparynyň ýanynda döredilen iş toparlarynyň wekilleri, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň jogapkär işgärleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bu günki mejlisiň gün tertibine öňde boljak saýlawlary geçirmäge degişli birnäçe meseleler girizildi. Hususan-da, bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäresi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Kararyna laýyklykda 2021-nji ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçirilýär.

Merkezi saýlaw topary saýlawlara taýýarlyk görmek we geçirmek boýunça çäreleriň senenamalaýyn meýilnamasyny tassyklady. Saýlaw kodeksine we Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň kararyna laýyklykda, 2021-nji ýylyň 2-nji ýanwaryndan saýlaw möwsüminiň başlanýandygy yglan edildi.

Mejlisiň çäklerinde oňa gatnaşyjylar öňde boljak saýlaw möwsüminiň guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Onuň geçirilişine syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary, raýat toparlary, şeýle hem dalaşgärler tarapyndan bellenilen milli synçylar syn ederler. Hususan-da, zerur bolan resminamalar, şol sanda gollanmalar we ýatlamalar tassyklanyldy.

Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlarynyň başlyklarynyň öňde boljak saýlawlara taýýarlyk, dürli derejedäki çäreleri guramak boýunça alnyp barylýan işler baradaky habarlary diňlenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň