Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda algy-bergileriň hasaplaşygynyň tertibine üýtgetmeler girizilýär

23:4120.11.2020
0
11927

19-njy noýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer G.Müşşikow döwlet Baştutanyna maliýe hasabatlylygy boýunça kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maliýe ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda edara-kärhanalaryň, döwlete dahylsyz taraplaryň pudagara gatnaşyklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler yzygiderli dowam edýär.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna edara-kärhanalaryň maliýe-ykdysady ýagdaýyny seljermek, kadalaşdyrmak we sagdynlaşdyrmak, olaryň tölege ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, algy-bergileriň hasaplaşygyny geçirmegiň tertibine üýtgetmeleri girizmek arkaly býujete tölemeli salgytlar we ýygymlar bilen birlikde, jerimeler, puşmana tölegleri babatda hem özara hasaplaşygy geçirmek baradaky teklibi hödürlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýeriň hödürlän teklibini makullap, degişli resminamalary taýýarlamagy hem-de olary ygtyýarly edaralar bilen ylalaşmagy tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň