Gökdepe etrabynda hususy işewürlik ulgamynyň senagat desgasynyň — demir-beton önümlerini öndürýän zawodynyň açylyş dabarasy boldy ― diýip, TDH habar berýär.
«Aga gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan gurlan täze desganyň umumy meýdany 6 gektara barabardyr. Kärhananyň taslama kuwwatlylygy — ölçegi 300 millimetrden 1200 millimetre çenli bolan ýylda 500 müň metr demir-beton turbalaryny çykarmakdan ybaratdyr. Desganyň çäklerinde dolandyryş binasy, önümçilik bölümleri hem-de beýleki kömekçi binalar ýerleşdirildi. Bu ýerde 100-den gowrak iş orunlary, zähmet çekmek üçin zerur şertler döredildi.
Oturdylan ýokary tehnologiýaly enjamlar ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalaryň esasynda önümleri öndürmäge, buýrujylara halkara talaplara we ölçeglere kybap gelýän demir-beton önümleriniň örän köp görnüşlerini teklip etmäge kärhana mümkinçilik berer. Önümleriň ýerli çig maldan taýýarlanylmagy ahyrky önümiň özüne düşýän gymmatyna we hiline oňyn täsir edýär.