Iň gowy kameraly telefon boldy

12:4324.10.2020
0
2031

“Huawei” kompaniýasynyň “Mate 40” seriýasyna degişli smartfonlarynyň tanyşdyrylmagynyň yzýany telefonlaryň kamerasyna baha berýän “DxoMark” tarapyndan test edildi. “DxoMark”-yň bahalandyrmasyna görä, “Huawei Mate 40 Pro” häzirki wagtda satuwda bolan telefonlaryň arasynda öňe saýlandy. Umumy baha görä, täze tanyşdyrylan telefonyň kamerasy 136 bal aldy. Surata düşürmekde 140, ýakynlaşdyrmakda 88, wideoýazgyda 116 bal aldy. Hünärmenleriň bellemeklerinde görä, telefon pes ýagtylykda hem ýokary durulykda surata alyp bilýär. Şeýle hem, “Mate 40 Pro” gijesine hem ýokary durulykda wideo düşürip bilýändigi mälim edildi.

“Huawei Mate 40 Pro” smartfonynda 13 megapiksel F2.4 we 3D ToF sensory bar. Bu ulgam üç ölçegli ýüzüňi tanaýan howpsuz ulgamy üpjün edýär. Telefonyň yz tarapynda “Leica” brendiniň öndüren 50 megapiksel durulygynda surata alýan F1.9 Ultravision OIS esasy kamerasy bar. Şeýle hem 20 megapiksel F1.8 Ultravision ultra giň we 12 megapiksel F3.4 5x telefoto we lazer durlama kameralary bar. Telefonyň bahasynyň 1200 ýewrodygy mälim edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň