«Sanly.tm» portaly işewürlik amallaryny ýeňilleşdirýär we ygtybarly maglumat alyş-çalşygyny üpjün edýär

17:4517.04.2024
0
8539

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan işlenip düzülen Türkmenistanyň milli sanly portaly «Sanly.tm» işewürlik amallarynyň awtomatlaşdyrylmagyny we ulanyjylaryň arasynda howpsuz maglumat alyş-çalşygyny üpjün edýär.

«Sanly.tm» elektron poçta, senenama, gözleg ulgamy we beýleki hyzmatlar boýunça modullary bolan köpugurly platformadyr. Portalda döwlet gulluklarynyň, onlaýn hyzmatlaryň, söwda platformalarynyň we onlaýn dükanlaryň salgylary bardyr.

«Sanly.tm» portalynyň korporatiw elektron poçta hyzmaty ýuridik şahslar üçin ýörite döredilendir we kompaniýalaryň hünärmenlerine howpsuz gurşawda bilelikde iş alyp barmaga mümkinçilik berýär. Her bir işgär hasaba alnandan soň, çäklendirilmedik mukdarda bukja döretmek mümkinçiligi bilen hususy elektron poçta salgysyny alýar.

Milli portal häzirki zaman dizaýnyna eýe bolup, türkmen we rus dillerinde elýeterlidir. Şu salgy arkaly «Sanly.tm» portalynda elektron poçtasy bolan şahsy hasabyňyzy döredip bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň