«Airbus» Türkmenistana uzakdan monitoring hem-de kosmosdan surata düşürmek boýunça hyzmatlary hödürleýär

12:2120.03.2024
0
21987

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygynyň orunbasary bilen «Airbus» kompaniýasynyň wekiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmenabat halkara howa menziliniň web sahypasynda habar berlişi ýaly «Airbus» Türkmenistana uzakdan monitoring hem-de kosmosdan surata düşürmek boýunça hyzmatlary teklip etdi.

Duşuşykda ispan tarapy täze awionika we kosmos hyzmaty boýunça mümkinçiliklerini hödürledi. Mundan başga-da, telekommunikasiýa hyzmatlarynyň we tor howpsuzlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň