Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde ussatlyk sapagy geçirildi

11:2323.04.2024
0
13798

22-nji aprelde «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde, ABŞ-nyň Dallas uniwersitetiniň kiberhowpsuzlyk hünäri boýunça magistr derejeli, «Signet Jewelers» kompaniýasynyň maglumat howpsuzlygy boýunça inženeri, Türkmenistanyň raýaty Allamyrat Tüýliýew ýurdumyzda IT ulgamynda işleýän we bilim alýan ýaşlaryň hem-de «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň edara-kärhanalarynyň hünärmenleriň, öňünde okuw-ussatlyk sapagy bilen çykyş etdi.

A. Tüýliýew öz çykyşynda, sanly maglumat, maglumat howpsuzlygy we kiberhowpsuzlygy ulgamlarynda alnyp barylýan işler we öňde duran wezipeler barada giňişleýin gürrüň berdi.

Şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy tejribesine laýyklykda, tehniki serişdeler arkaly iberilýän we gaýtadan işlenýän maglumatlary goramak, ylmy-tehnologik, intellektual mümkinçiliklere esaslanýan sanly ulgama geçmegiň milli usulyny işläp taýýarlamak bilen bagly meseleler duşuşygyň esasy mazmunyny düzdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň