Soňky habarlar

Arhiw

USAID-iň sanawy türkmenistanly önüm öndürijilere hem eksportdaky täze mümkinçilikleri bagyşlaýar

11:3020.10.2020
0
10264

Merkezi Aziýada oba hojalyk önümlerini öndürijileriň aglabasy söwda bazaryny sebitden daşary hem giňeltmäge taýýar. Şu sebäpden, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş gullugy (USAID) Merkezi Aziýa ýurtlaryndan miwe we gök önümleri eksport edýän taraplaryň sanawyny neşir etdi. Bu sanawy düzmekden maksat dünýä alyjylary üçin maglumat goruny döretmekden ybaratdyr. Bu barada «Awesta.tj» ABŞ-nyň Duşanbe şäherindäki ilçihanasyna salgylanyp habar berýär.

Merkezi Aziýa ýurtlaryndan miwe we gök önümleri eksport edijileriň 120-den gowragyny öz içine alýan sanawda türkmenistanly telekeçiler barada hem jikme-jik maglumatlar bar.

Neşiriň aýratynlygy onuň okyjylary Merkezi Aziýadan miwe we gök önümlerini eksport bazarlaryna çekmek üçin ulagyň bahasy bilen tanyşdyrýandygydyr.

Sanaw import edijiler, paýlaýjylar, bölek satyjylar we halkara söwda ýarmarkalaryny guraýjylar üçin amaly gollanma bolup hyzmat edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň