Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň dzýudo boýunça zenanlar ýygyndysy ýörite maksatnama bilen türgenleşýärler

12:1423.09.2020
0
8150

«Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň habaryna görä, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, dzýudo boýunça zenanlar milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi Omar Muhammetnazarowyň şägirtleri ýörite maksatnama laýyklykda türgenleşýärler.

Omar Muhammetnazarow zenanlar ýygyndymyzda iki topar bilen işleşýär. Esasy topar milli we halkara ýaryşlaryň ýeňijilerini we baýrakly orunlarynyň eýelerini öz içine alýar. Olaryň käbiri «Halkara sport ussady» diýen ýokary derejäniň eýesidir. Şolaryň arasynda ýurdumyzyň iň gowy dzýudoçylaryndan biri, Türkmenistanyň birnäçe gezek çempiony Wioletta Krowýakowa hem bar. Ol häzirki wagtda milli dzýudo mekdebiniň geljekki "ýyldyzlaryna" tälim berýär.

Şeýle hem esasy topara halkara sport ussady Nilufar Muhitdinowa, sport ussady Gülbahar Madreýimowa, sport ussady Anželina Filippowa, Bägül Nuryýewa we Ýulduzhan Garýagdyýewa dagylar girýär. 

Ikinji topara giren Ýaponiýanyň göreş stiliniň ýaş türkmen ussatlarynyň arasynda  Buenos Aýresde (Argentina) geçirilen III Bütindünýä ýaşlar Olimpiýa oýunlarynyň (2018-nji ýyl) bürünç medalynyň eýesi aşgabatly Milana Çarygulyýewa has tapawutlanýar .

Şu ýylyň maý aýynda 20 töweregi türgenden ybarat bolan Türkmenistanyň zenanlar milli ýygyndysynyň wekilleri Gökderede okuw-türgenleşigini geçirdi. Türkmenistanyň dzýudo federasiýasynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri bu türgenleşikler üçin ajaýyp tebigatyň goýnundaky çagalar saglyk merkezleriniň birini saýlap aldylar. Umuman, türkmen dzýudoçylary bu ýere ýylda birnäçe gezek gelýär.

Häzirki wagtda dzýudoçylar öýlerinde bolsa-da, ýakyn wagtda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmenistan çempionatyna taýýarlyk görýärler. Onuň netijelerine görä, ýakyn wagtda geçiriljek halkara ýaryşlara gatnaşmak milli ýygyndy düzüler.

Häzir türkmen dzýudoçylarynyň ikisi Gülbadam Babamuradowa (52 kilogram) we Hakberdi Jumaýew (60 kilogram) indiki ýyl Ýaponiýada geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga ýakyndyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň