Soňky habarlar

Arhiw

Kazanda sanly diplomatiýany ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

18:2420.08.2020
1
8085

Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsuly Atadurdy Baýramow «100% Tatarstan» atly Tatarstan Respublikasy bilen halkara hyzmatdaşlygy, şeýle hem Yslam hyzmatdaşlygy guramasy ýurtlarynyň Ýaş diplomatlarynyň forumynyň çäklerinde «Tatarstanyň dostlary» diplomatik klubynyň nobatdaky duşuşygy ýaly onlaýn-duşuşyklara gatnaşdy. Halkara özara gatnaşyklaryň guraly hökmünde sanlaşdyrmak ara alnyp maslahatlaşylan tema boldy.

Russiýanyň DIM-niň Tatarstan Respublikasynyň Hökümetiniň goldamagynda guran çärelerine Türkmenistandan, RF-den, Özbegistandan, arap ýurtlaryndan diplomatlar, şeýle hem Tatarstan Respublikasynyň Maýa goýum ösüşi agentliginiň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Türkmen tarapy ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasy bilen strategik gatnaşyklarynyň çäklerinde işjeň ösdürilýän Türkmenistan-Tatarstan gatnaşyklarynyň mümkinçiligi we ileri tutulýan ugurlary barada giňişleýin maglumat berdi. Hususan-da, Aşgabat bilen Kazanyň arasynda ýangyç-energetika toplumy, maşyngurluşygy, gämigurluşygy, derman senagaty ulgamlarynda, şeýle hem serwis hyzmaty, gurluşyk we düýpli abatlaýyş hem-de beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýuldy.

Ara alnyp maslahatlaşylan tematika jähtinden häzirki wagtda Türkmenistanda döwlet durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alan sanlaşdyrma strategiýasy işjeň durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanynyň başlangyjy bilen Geomaglumatlar merkeziniň döredilmegi bu ugurda durmuşa geçirilýän möhüm ädimleriň biri bolar.

Şeýle hem türkmen tarapy ýurduň DIM-niň web-resurslaryna täze goşundylar bilen tanyşdyrdy. Hususan-da, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesini almagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan resmi www.neutrality.gov.tm portalynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynyň elektron kitaphanasy açyldy. Şu saýtda täze ýene bir bölüm - Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesini almagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan onlaýn-sergi peýda boldy. Daşary syýasat edarasynyň www.mfa.gov.tm/ru/newspapers saýtynda «Halkara täzelikleri» sanly habarlar berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
madmit54 ( 21.08.2020 )

Я всем советую проходить переподготовку по машиностроению только тут https://rostbk.com/catalog/professionalnaya-perepodgotovka/pp-mashinostroenie/ , у меня отец проходил там курсы, так что советую

0