Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Azmunyň gollary “Zenite” ýeňiş getirdi

11:0420.08.2020
0
3730

Russiýanyň “Premýer Ligasynda” 3-nji tapgyryň merkezi oýnunda çempion “Zenit” bilen Moskwanyň SSKA-sy duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda Sankt-peterburglylar 2-1 hasabynda ýeňiş gazandy. “Zenite” ýeňiş getiren gollaryň 2-sini hem Serdar Azmunda derwezä girizdi. Ol 19-njy we 69-njy minutlarda tapawutlanyp, onuň möwsümdäki gollarynyň sany 3-e ýetdi. SSKA-nyň ýeke-täk pökgüsini bolsa, 26-njy minutda Nikola Wlaşiç tora ýollady. 3-nji tapgyrdan soň, 9 utuk bilen sanawyň başyny çekýän “Zenit” öz meýdançasynda 23 oýundan bäri ýeňilmän gelýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň