Prezident Berdimuhamedow BSGG-niň ýolbaşçysyny Türkmenistanda pandemiýanyň ýaýramagyna garşy alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy

09:1808.08.2020
0
22953

Zähmet rugsady tamamlanandan soň, ilkinji iş güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory Tedros Gebreisus bilen wideoaragatnaşyk boýunça duşuşyk geçirdi ― diýip, TDH ýazýar.

Duşuşygyň barşynda milletiň Lideri häzir bütin adamzadyň täze ählumumy howp — koronawirus ýokanjynyň pandemiýasy bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny nygtady. Bu döwürde biz özümiziň çärýek asyryň dowamynda toplan oňyn tejribämize daýanyp, COVID-19 ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek ugrunda toplumlaýyn çäreleri gördük.

Türkmenistan bu ugurda amala aşyrýan çärelerini dünýä jemgyýetçiliginiň alyp barýan işlerine doly laýyk getirip, halkara tagallalary koronawirusa garşy göreşde birleşdirmäge gönükdirilen birnäçe möhüm başlangyçlar bilen çykyş etdi.

Bellenilişi ýaly, bu ugurda ýurdumyzda şu ýylyň maý — iýul aýlarynda uly işler edildi. Mysal üçin, 22-nji maýda Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny üpjün etmegiň Meýilnamasy döwlet derejesinde tassyklanyldy.

Bu Meýilnamada ýokanç keselleri anyklamak, bejermek we olaryň öňüni almak üçin zerur bolan maddy-tehniki binýady mundan beýläk-de berkitmek boýunça anyk çäreler bellenildi.

Olaryň hatarynda ulanylmaga berlen täze karantin merkezleri, ýiti ýokanja meňzeş keseliň alamatlary bolan adamlary bejermäge niýetlenip, iş ugry üýtgedilen aýry-aýry lukmançylyk edaralary bar. Ýokarda agzalan Meýilnama esasynda zerur bolan derman serişdeleri we lukmançylyk enjamlary satyn alynýar diýip, döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň