Türkmenistanda ýene ýedi etrap galla borçnamasyny amal etdi

23:2126.06.2020
0
4544

Türkmenistanyň ähli sebitlerinde galla oragynyň depginleri barha güýçlenýär. 26-njy iýunda ýene-de ýedi etrap döwlete bugdaý tabşyrmak baradaky borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler ― diýip, TDH habar berýär.

Ahal welaýaty şu möwsümde öňdäki orunlary eýeleýär. Babadaýhan etrabynyň ekerançylary 58 müň tonnadan gowrak däne ýygnap, zähmet ýeňşi barada hasabat berdiler.

Ýurdumyzyň gündogar sebitiniň Saýat etraby hem döwlet tabşyrygyny berjaý etdi. Çylşyrymly, emma sazlaşykly işleriň netijesinde etrabyň gallaçylary 46 müň tonnadan gowrak bugdaý ýygnadylar.

Mary welaýatynyň kärendeçileri zähmet üstünliklerini dowam edýärler. Sakarçäge etrabynyň gallaçylary kabul ediş nokatlaryna 45 müň 200 tonnadan gowrak bugdaý tabşyrdylar, Murgap etrabynda bu görkeziji 41 müň 200 tonnadan gowrak boldy.

Ýerli howa şertleriniň aýratynlyklaryna laýyklykda galla oragyna beýleki sebitlerden gijräk girişen Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň gallaçylary hem bu jogapkärli möwsümi ýokary derejede guramagyň hasabyna işleriň depginlerini güýçlendirmäge çalyşýarlar.

Demirgazyk welaýatyň Görogly etrabynyň gallaçylary 28 müň 500 tonnadan gowrak, şeýle hem Gubadag etrabynyň ekerançylary 24 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny ýygnap, sebitde ilkinjiler bolup, döwlet tabşyrygyny ýerine ýetirdiler.

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň gallaçylary 5 müň 120 tonnadan gowrak bugdaý hasylyny ýygnap, möwsümi üstünlikli tamamladylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň