Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ärdogan ýurduň Prezidenti wezipesine ýene bir gezek dalaşgärlik edip biler

09:3313.01.2025
0
12032
Ärdogan ýurduň Prezidenti wezipesine ýene bir gezek dalaşgärlik edip biler
Surat: ria.ru

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan geçen şenbede özüniň döwlet Baştutany wezipesine ýene bir gezek dalaşgärlik etmeginiň mümkindigini ýaňzytdy diýip, «RIA Nowosti» habar berýär. Ärdogan bu barada ilkinji gezek Adalat we ösüş partiýasynyň (Ak Parti) Şanlyurfa şäherinde geçen ülke bölümleriniň gurultaýynda eden çykyşynda aýtdy.

Prezidentiň çykyş wagtynda meşhur türk aýdymçysy, türk pop-sazynyň «şasy» Ybraýym Tatlyses bilen söhbetdeşligi boldy. Aýdymçy Prezidentiň öňde duran saýlawlara gatnaşmak meýli bilen gyzyklandy.
«Eger sen razy bolsaň, menem razy» diýip, Ärdogan aýdymça jogap berdi.

«Ol bize söz berdi» diýip, Tatlyses ýygnanan adamlara ýüzlendi. Onuň Prezident bilen söhbediniň wideogörnüşini «TRT haber» teleýaýlymy «Telegram»-ýaýlymynda ýerleşdirdi diýlip, habarda bellenýär.

Ärdogan eger ýurduň Parlamenti 2027-nji ýylyň ikinji ýarymynda möhletinden öňki saýlawlary yglan etse, ýene-de döwlet Baştutanynyň saýlawlaryna gatnaşyp biler diýip, Türkiýäniň Prezidentiniň ýanyndaky Hukuk syýasaty boýunça geňeşiň başlygynyň orunbasary Mehmet Uçum aýdýar.

2017-nji ýylda Türkiýe sala salşyk netijesinde Prezident Respublikasy boldy. Häzirki Konstitusiýa laýyklykda, döwlet Baştutany wezipäni yzygiderli iki gezek eýeläp bilýär. 2023-nji ýylyň maýynda Ärdogan bäş ýyl möhlet bilen ikinji gezek saýlandy. Emma ol 2014-2018-nji ýyllarda Prezident bolan döwründe ýurt Parlament Respublikasydy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň