ABŞ-nyň Arizona we Newada ştatlarynyň 10 milliondan gowrak ýaşaýjysy sebitdäki adatdan daşary yssy howa sebäpli öýde galmak barada duýduryş aldy. Olara serginledijili binalardan çykmazlyk maslahat berilýär diýip, «rbc.ru» ýazýar.
Ýurduň howa gullugynyň bu duýduryşy käbir sebitlerde şu anna gününe — 20-nji iýuna çenli hereket edýär. Ýagny howanyň takmynan 48,9 ℃ çenli artmagyna garaşylýar. Newadadaky we Kaliforniýadaky «Ölüm jülgesi» milli seýilgähde howanyň derejesi has ýokary bolar.
Şeýle şertlerde gün urma, yssy howa bilen bagly keselleriň artmak howpy bar. Bu aýratyn hem çagalara, gartaşan adamlara, açyk howada işleýänlere howp salýar.

