Türkmenistanda Milli hasaplar ulgamynyň kämilleşdirilen görnüşine laýyklykda statistik hasabatlylygy alyp barmak üçin işler alnyp barylýar. Bu ugurda görlen çäreler barada wise-premýer H.Geldimyradow 10-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň statistika ulgamy döwrüň talaplaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrylýar we bu ugurda halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-2028-nji ýyllarda ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda statistik hasabatlylygy Milli hasaplar ulgamynyň kämilleşdirilen görnüşine laýyklykda alyp barmak göz öňünde tutulýar.
Bu täzelenen görnüşe geçmegiň çäklerinde birnäçe döwlet klassifikatorlary, maliýe, bank we ätiýaçlandyryş işi, ylym we syýahatçylyk, şeýle hem esasy serişdeleriň sarp edilişini hasaplamak bilen baglanyşykly täze usullar işlenip düzüldi we işe ornaşdyryldy.
Şu jähtden Döwlet baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlendi.
Hasabaty diňlemek bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň statistikasyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň we bu ugurda halkara maliýe guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlygy alyp barmagyň möhümdigini belledi.
Döwlet baştutany Milli hasaplar ulgamynyň kämilleşdirilen görnüşiniň esasynda statistik hasabatlylygy alyp barmak barada aýdylan teklipler bilen ylalaşyp, wise-premýere bu ugurda işi dowam etdirmegi tabşyrdy — diýip, TDH agentligi habar berýär.