Soňky habarlar

Arhiw

“Diýar” – çagalaryň arasyndaky futbol ýaryşynyň ýeňijisi

23:1723.06.2020
0
8149

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Futbol federasiýasynyň bilelikde guramagynda 2009-2010-njy ýyllarda doglan oglanlaryň arasynda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçirilen ýaryşyň ýe­ňijileri belli boldy.

Geljekki olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler sport mekdebiniň açyk birinjiligini almak ugrundaky ýaryşa paýtagtymyza we Balkan, Mary welaýatlaryna wekilçilik edýän toparlaryň jemi 12-si gatnaşdy.

«Aşgabat» köpugurly stadionyna ýanaşyk meýdanda geçirilen bäsleşigiň deslapky tapgyrynda oňa gatnaşýan toparlar öz aralarynda iki toparça bölündiler. Geçirilen duşuşyklaryň netijesinde her toparçada öň­däki iki orny eýelän toparlar ýaryşy ýarym finalda dowam etmek mümkinçiligini gazandylar.

Üçünji orny eýelemek ugrundaky ýaryş «Kuwwat — 2» bilen «Gökjäniň» arasynda geçirildi. Oýnuň iki ýarymyny hem 1:1 hasap bilen tamamlan toparlar 11 metrlik jerime urgusy boýunça öz aralarynda bäsleşdiler. Netijede, «Kuwwat — 2» 4:3 hasabynda öňe saýlanyp, ýaryşyň üçünji ornuny eýelemegi başardy.

Ýaryşda birinji orny eýelemek ugrundaky duşuşyk «Diýar» bilen «Kuwwat — 1-iň» arasynda geçirildi. Düzüminde ýetginjek futbolçylaryň iň ezberlerini jemleýän bolsada, «Kuwwat — 1-den» 4:3 hasabynda öňe saýlanmagy başaran «Diýar» ýaryşyň ýe­ňijisi bolmagy başardy. Şeýlelikde, «Kuwwat — 1» ýaryşy ikinji orunda tamamlady.

Geçirilen duşuşyklaryň netijesinde, 11 gezek tapawutlanmagy başaran «Kuwwat — 1» toparynyň oýunçysy Berdi Berdiýew iň köp top geçiren oýunçylaryň arasynda öň­deligi eýelemegi başardy. Şol topardan Kaýum Berdiýew ýaryşyň iň ökde hüjümçisi diýlip saýlanan bolsa, bu toparyň ezber oýunçysy Kakajan Allamyradow ýaryşyň iň ökde oýunçysyna gowşurylýan baýraga mynasyp boldy.

Birinjiligi almak ugrundaky ýaryşda ýe­ňiji bolan toparlara hem-de tapawutlanan oýunçylara diplomlardyr ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň