Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly küştçi 12 ýaşa çenli çagalaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda bürünç medal gazandy

08:0029.04.2024
0
8043

Türkmenistanly körpe küştçüler ýakynda Albaniýanyň Durres şäherinde 12 ýaşa çenli çagalaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler. Hususan-da, Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdebiniň 9 ýaşly türgeni Aýýa Baýramowa 10 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda küştüň blis görnüşi boýunça bürünç medala mynasyp bolmagy başardy.

Dünýä çempionatyna Ýer ýüzüniň 43 döwletinden körpe küştçüleriň 375-siniň gatnaşandygyny aýtsak, türkmen küştçüleriniň üçin baýrakly we öňdäki orunlary eýelemek üçin köp sanly çylşyrymly duşuşyklary geçirmeli bolandygy düşnüklidir.

Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Güljahan Öwlügägulyýewadan tälim alýan Aýýa dünýä çempionatynda mümkin bolan 11 utukdan 7,5 utuk toplamagy başardy. Ol utuklarynyň möçberi boýunça öz ýaş derejesindäki 41 küştçiniň arasynda diňe russiýaly Genriýetta Ýunkerden (10 utuk) we hindistanly A.S.Şarwaanikeden (9 utuk) yza galyp, galan 38 bäsdeşini yzda galdyryp, hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.

Türkmenabatly Dünýä Ruslanowa hem Aýýanyň ýaş derejesinde ýaryşdy. Onuň bu ýaryşda ýedinji orny eýelemegi hem kiçi-girim üstünlik däldir.

8 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşda Mary welaýatyndan 7 ýaşly Aýlar Hemraýewa hem ilkinji bäşlige girmegi başardy. Şu ýaş derejesinde ýaryşyň bürünç medalynyň eýesi Aýýa Baýramowanyň jigisi Güneş Baýramowa 20 küştçiniň arasynda 9-njy orny eýeledi.

Ýeri gelende aýtsak, dünýä çempionaty küştüň rapid we blis görnüşlerinden alty ýaş derejesinde geçirildi. Has takygy, 8, 10 we 12 ýaş derejelerinde oglanlar we gyzlar aýry-aýrylykda ýaryşdylar. Rapid boýunça ýaryşlarda her tapgyra 5 sekunt goşmak bilen 15 minut bölünip berlen bolsa, blisde her tapgyra 3 sekunt goşuldy.

Russiýa Federasiýasyndan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Wýetnam Halk Demokratik Respublikasyndan, Gazagystan we Hindistan Respublikasyndan gatnaşan türgenleriň has köp medal eýelän ýaryşynda biziň ildeşlerimiz mümkin bolan utuklaryň, ortaça, 50 göteriminden gowragyny toplamagy başardylar. Dünýä çempionatynda şeýle netijäni gazanyp bilmek olaryň geljekde has üstünlikli çykyş etjekdiklerinden habar berýär.

Dünýä çempionatyndaky üstünlikli çykyşlar ýurdumyzda küştüň ösdürilmegine berilýän uly ünsden nyşandyr. Şu ýylyň fewral ― mart aýlarynda geçirilen milli ýaryşlar dürli ýaş derejeleri boýunça ýygyndy toparlarymyzyň agzalaryny kesgitledi. Yzygiderli geçirilýän milli ýaryşlaryň eçilýän kämillik mekdebi, olarda gazanylan netijeleri türgenleriň FIDE-niň reýtingindäki utuklaryna täsir etmegi, sportuň bu görnüşiniň sanlylaşdyrylmagy öz miwesini halkara ýaryşlarda gazanylýan üstünlikler bilen berýär. Şeýle bolansoň, halkara derejesindäki bäsdeşlik ukyby barha artýan türkmen küştçüleriniň dünýä çempionatlary ýaly iri ýaryşlarda hem üstünlikli çykyş etjekdigine bolan ynamymyz hemişe uly.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň