Soňky habarlar

Arhiw

Grek-rim göreşi boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi

12:5714.05.2020
0
9815

Ýakynda geçen Grek-rim göreşi boýunça ýurdumyzyň çempionaty hem örän çekeleşikli boldy. Aşgabat şäheriniň «Galkynyş» bedenterbiýe-sagaldyş merkezinde bolan çempionata ýurdumyzyň dürli künjeginden türgenler gatnaşdylar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär. 

Çekeleşikli geçen çempionatyň netijelerine görä, Azat Şadyýew (55 kg), Merdan Allaýarow (60 kg), Didar Orazberdiýew (63 kg), Azatjan Açilow (67 kg), Mansur Nurberdiýew (72 kg), Azym Annamämmedow (77 kg), Jeýhun Öwezmyradow (82 kg), Jolaletdin Jumaniýazow (87 kg), Aýbegşazada Kürräýew (97 kg), Süleýman Belliýew (130 kg) dagy öz başarnyklary bilen beýlekilerden tapawutlanyp, ýe¬ňiş münberine çykmagy başardy. 

Ýeňiji bolan türgenler Hormat hatlarydyr gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanmak bilen birlikde, ýurdumyzyň milli ýygyndysyna saýlandylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň