Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 2020-nji ýylda jemi 17 müň 900 gektar meýdana güýzlük gant şugundyry ekiler

23:1101.05.2020
0
11552

Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde döwlet Baştutany «Türkmenistanda 2020-nji ýylda gant şugundyryny öndürmek hakyndaky» Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Balkan we Mary welaýatlarynyň häkimliklerine Balkan we Mary welaýatlarynyň etraplarynda önümçiligi we ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ylmy esasda ýola goýmak bilen, gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Tutuş ýurt boýunça jemi 17 müň 900 gektar meýdana güýzlük gant şugundyryny ekip, şondan 224 müň tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar. Balkan welaýatynda 3 müň gektardan 24 müň tonna, Mary welaýatynda 14 müň 900 gektardan 200 müň tonna hasyl öndürmek meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň