Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi zerur hünärmenleri saýlap almak boýunça bäsleşik yglan etdi

15:2130.04.2020
0
13750
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi zerur hünärmenleri saýlap almak boýunça bäsleşik yglan etdi

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň “Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek” atly Bilelikdäki Maksatnamasyna laýyklykda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi durmuş işi boýunça hünärmen wezipesine dalaşgärleri saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär!

Durmuş işi boýunça hünärmenleriň ýurdumyzyň Aşgabat, Tejen, Balkanabat, Türkmenbaşy, Hazar, Daşoguz, Türkmenabat, Mary şäherlerinde we Baýramaly, Ak bugdaý, Tejen, Görogly, S.A.Nyýazow adyndaky, Çärjew, Farap, Baýramaly, Wekilbazar etraplarynda işe kabul edilmegi meýilleşdirilýär

Durmuş işi boýunça hünärmenlere şu talaplar bildirilýär:

Bilimi boýunça: durmuş işi, sosiologiýa, psihologiýa, lukmançylyk ýa-da pedagogika (mugallymçylyk), hukuk, ykdysady we beýleki ynsanperwer ylymlary boýunça ýokary hünär bilimi ýa-da bolmasa durmuş işi boýunça orta hünär bilimi talap edilýär.

Iş tejribesi boýunça: adamlar bilen işleşmegi talap edýän ugurlarda üç ýyldan az bolmadyk iş tejribesi talap edilýär.

Başarnyklary: türkmen we rus dillerini bilmeli, kompýuterde işlemek ukyby bolanlara artykmaçlyk berilýär.

Şahsy häsiýetleri: adamlar bilen gürleşmäge ukyply, alçak, jogapkärçilikli, adamlar bilen işlemäge we olara kömek etmäge bolan islegli, çeýe iş tertipde işlemäge, etraplara iş saparlaryny amala aşyrmaga taýýar.

Gyzyklanýan adamlar ýokarda görkezilen şäherlerdäki we etraplardaky zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi edaralaryna “Durmuş işi boýunça hünärmen” ýazgysy bilen ýapylan bukja salyp ýa-da Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň mlsp@online.tm salgyly elektron poçtasyna şu resminamalary:

bellenen nusga boýunça şahsy maglumatyny,
hünär bilimini tassyklaýan resminamanyň (diplomyň) göçürmesini iberip bilerler.

Resminamalary tabşyrmagyň möhleti: 2020-nji ýylyň 8-nji maýyna çenli.

Artykmaçlyk gazanan dalaşgärler 2020-nji ýylyň 19-22-nji maý aralygynda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligine söhbetdeşlige çagyrylarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň