Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2020: «Energetik» ilkinji ýeňşini gazandy

17:1821.04.2020
0
4794

Ozal hem habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 4-nji tapgyrynda Marynyň «Energetik» futbol topary myhmançylykda «Nebitçiden» 2:1 hasabynda üstün çykdy. Şeýlelikde, Mary DES-niň garamagyndaky topar şu möwsümdäki ilkinji ýeňşini gazandy.

Möwsümde göz öňünde tutulan duşuşyklarynyň ählisini geçirip gelýän «Energetik» mundan ozalky üç duşuşygynyň diňe birinde deňme-deň oýnap, iki duşuşykda asgyn gelipdi. Bu gezek bolsa ol Türkmenistandaky iň çylşyrymly myhmançylyklaryň birinde «Nebitçi» ýaly janköýerleriniň uly goldawyndan peýdalanýan topardan rüstem geldi.

Şeýlelikde, şu möwsümde Ýokary liganyň 8 wekiliniň «Şagadamdan» galany ýeňiş gazanyp gördi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň