Soňky habarlar

Arhiw

Dubaýda ýylda 260 million ýolagça hyzmat edýän howa menzili gurlar

15:5530.04.2024
0
10434
Dubaýda ýylda 260 million ýolagça hyzmat edýän howa menzili gurlar
Surat: gazeta.ru

Dubaý ýylda 260 million ýolagça hyzmat etjek dünýäde iň uly aeroport gurmak barada maksatnamasyny yglan etdi. Bu barada «Business Insider» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

Emirligiň hökümdary Şeýh Mohammad ben Raşid Al Maktumyň beýanatyna görä, «Al Maktoum International Airport» atly äpet awiahabyň gurluşygyna öňdäki 10 ýylda 128 milliard dirhem (34,9 mlrd dollar) bölnüp berler. Howa menziliniň ýolagçy münüp-düşýän 400 geýti we bäş uçuş-gonuş zolagy bolar.

«Biz täze taslamany geljek nesiller üçin gurýarys, öz çagalarymyz, olaryň çagalary üçin üznüksiz durnukly ösüşi üpjün etmek isleýäris. Dubaý dünýä aeroporty, porty, şäher merkezi we täze ählumumy hab bolar» diýlip, Al Maktum belledi.

Taslama laýyklykda, «Al Maktoum International» meýdany 145 inedördül kilometr, ilaty 1 million adam we 500 müň iş orny bolan täze «Dubai South» şäheriniň merkezi bolar. Onuň çäginde ýaşaýyş mähelleleri, ofisler, söwda we sergi merkezleri gurlar diýlip, habarda bellenýär.

Dubaý täze taslamany durmuşa geçirmek bilen, Ýakyn Gündogarda, tutuş dünýäde öňdebaryjy ulag şahasy hökmündäki ornuny berkitmek isleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň