Soňky habarlar

Arhiw

Lebap welaýatynda önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyk-gurnama işlerine üç aýda 55,4 million manat gönükdirildi

12:3830.04.2024
0
9157
Lebap welaýatynda önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyk-gurnama işlerine üç aýda 55,4 million manat gönükdirildi
Surat: fineconomic.gov.tm

Lebap welaýatynda 2024-nji ýylyň tamamlanan birinji çärýeginde gurluşyk-gurnama pudagynda önjeýli işler bitirildi.

Welaýat neşirinde berilýän habara görä, şu ýylyň geçen üç aýynda Lebap welaýaty boýunça döwletiň özleşdirilen düýpli maýa goýumlary 255,1 million manada barabar boldy. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 7,6 göterim artykdyr. Şonça serişdäniň 55,4 million manady (maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 21,7 göterimi) önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyk-gurnama işlerine gönükdirildi. Bu görkeziji hem geçen ýylyň deňeşdirilýän döwründäkiden 40 göterime golaý artdy.

Lebap welaýatynyň sebitlerinde ilatyň abadan we eşretli durmuşda ýaşamagyna hyzmat etjek binalaryň gurluşygy barha giň gerime eýe bolýar. Şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynda özleşdirilen düýpli maýa goýumlary 199,7 million manada ýetip (maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 78,3 göterimi), geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 105,5 göterim artdy. Geçen döwürde döwletiň özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň düzüminde gurluşyk-gurnama işleri 216,6 million manada barabar boldy. Munuň özi özleşdirilen maýa goýumlarynyň 84,9 göterimine barabardyr. Bu ugra gönükdirilen serişdeler geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 37,5 göterim artdy.

Şanly ýylyň tamamlanan üç aýynda döwletiň düýpli maýa goýumlarynyň hasabyna welaýatda esasy serişdeleriň jemi 354,9 million manatlygy işe girizilip, bu görkeziji geçen ýylyň deňeşdirilýän döwrüne görä, 4,7 esse artdy. Esasy serişdeleriň 9,5 million manady önümçilik maksatly, 345,4 million manady bolsa medeni-durmuş maksatly pudaklarda işe girizildi diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň