Çagalary goramagyň halkara gününiň öňüsyrasynda «Balam» dükanlar tory «Lego» gurnama oýunjaklaryny halaýan çagalar üçin ajaýyp mümkinçiligi — bu oýunjaklaryň ähli toplumlaryna 50% arzanladyş hödürleýär.
27-nji maýdan 9-njy iýuna çenli çagalaryňyzy amatly bahalardan ýetirilýän gyzykly we kämilleşdiriji oýunjaklar bilen begendirip bilersiňiz. Islendik görnüşli we dürli ýaşdakylar üçin niýetlenen «Legonyň» giň assortimenti her bir çaga öz arzuwyndaky oýunjak toplumyny tapmaga mümkinçilik berer.
«Çagaňyza ýatdan çykmajak sowgatlary bermek we oňa döredijiligiň, fantaziýanyň we gyzykly başdan geçirmeleriň dünýäsini peşgeş bermek mümkinçiligini elden gidirmäň» diýip, «Balam» dükanlar torunyň hünärmenleri pikirlerini paýlaşýarlar.
Arzanladyş Aşgabatdaky «Balam» dükanlarynyň ählisinde hödürlener:
- «Berkarar» SDAM, 0-njy gat, А79 dükany;
- «Berkarar» SDAM, 2-nji gat, C11 dükany;
- «Arkaç» SDAM, 1-nji gat;
- Türkmenbaşy şaýoly, 81-nji jaý, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň söwda merkezi, 8-nji dükan.
- telefon belgileri: (+993 63) 30 58 19, (+993 12) 46 82 18;
- sosial media ulgamyndaky sahypasy.

