Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ertir Aşgabatda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi açylar

14:1514.05.2024
0
12062

15 – 17-nji maý aralygynda Aşgabatda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň «Agro-Pak Turkmenistan and Turkmen Food» halkara sergisi geçiriler. Bu uly çäre azyk we obahojalygynda öňdebaryjy kompaniýalary birýere jemlär.

Sergi azyk we oba hojalyk önümlerini öndürmek, gaplamak, saklamak, gaýtadan işlemek boýunça iň täze tehnologiýalary hödürlär. Oňa gelenler tehnologik enjamlary, gaplama, önümçilik serişdelerini we beýlekiler bilen tanyş bolup bilerler.

Serginiň çäginde öňdebaryjy tehnologiýalaryň, döwrebap enjamlaryň we täze önümleriň tanyşdyrylyşy, şeýle hem tejribe alyşmak we özara peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin ikitaraplaýyn duşuşyklar guralar.

Guramaçylar Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, telekeçileri we işewürleri, Türkmenistanyň raýatlaryny hem-de daşary ýurt kompaniýalaryny sergä gatnaşmaga çagyrýarlar.

Serginiň iş wagty:

15-nji maý – 10:00-dan 18:00-a çenli
16-njy maý – 10:00-dan 18:00-a çenli
17-nji maý – 10:00-dan 15:00-a çenli

Serginiň geçirilýän ýeri: Aşgabat şäheri, Çandybile şaýoly, 143-nji jaý, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasy.

Has giňişleýin maglumat üçin aşakadaky telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz:

39-88-70, 39-88-84-(83)-(82)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň