Şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarytsan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanow bilen bilelikde Kazanda geçirilýän «Russia Halal Expo» halkara sergisine aýlanyp gördi.
«Russia Halal Expo» sergisi Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri hödürlenilýän iň uly platformalaryň biridir. Ol «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024» halkara ykdysady forumyň gatnaşyjylarynyň arasynda konstruktiw gepleşikleri ýola goýmak, işewürlik taslamalaryny ösdürmek üçin ajaýyp giňişlik bolup hyzmat edýär. Sergä şu ýyl dünýäniň 11 ýurdundan we Russiýanyň 17 sebitinden wekiller gatnaşýarlar. Şolaryň hatarynda sergide türkmen pawilýony hem görkezilişe çykaryldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Rustam Minnihanow sergä aýlanyp görmegiň çäginde Tatarystan Respublikasynyň hem-de Türkmenistanyň diwarlyklary bilen ýakyndan tanyşdylar.
Türkmenistanyň diwarlygynda myhmanlara milli halylar, dokma önümleri, el işleri we olaryň öndürilişiniň täsin tehnologiýasy bilen giňişleýin tanyşmaga mümkinçilik döredildi. Şeýle-de türkmen halyçylyk sungatynyň baý taryhy, bu senediň 5 ýyl mundan ozal ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulandygy gürrüň berildi. Şol bir wagtyň özünde sergä gatnaşýan türkmen halyçysy Tatarystanyň baýdagynyň şekilinde dokalan dokma önümini Rustam Minnihanowa sowgat berdi.