Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin 5-10-njy maýy aralygynda Serbiýa, Fransiýa we Wengriýa sapar bilen barar. Bu barada Hytaýyň Daşary işler ministrligine salgylanýan TASS habar berdi.
HHR-iň Başlygyny öz ýurtlaryna sapar bilen gelmäge Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron we Wengriýanyň Prezidenti Tamaş Şuýok, şeýle-de Premýer-ministr Wiktor Orban çagyrdy diýip, habarda bellenýär.
Bu barada «Gazeta.ru» ýazýar.