Soňky habarlar

Arhiw

«Elin» söwda nyşanly süýt önümleriň önümçiligi barha giňeýär

13:0123.03.2020
0
40755

Indi birnäçe ýyldan bäri «Elin» söwda nyşany bilen Türkmenistanda süýt önümleri öndürilip gelinýär. Kompaniýanyň ilata hödürleýän önümleriniň arasynda gaýmak, gatyk, aýran, süzme we beýleki önümler bar.

17 ― 18-nji mart günlerinde TSTB-niň Aşgabatda geçirilen sergisinde «Eliniň» wekilleri «Turkmenportalyň» habarçysyna önümçilik işleriniň barşy barada şeýle gürrüň berdiler:

― Geçen ýylyň ahyrynda gaýtadan işlenen peýniriň täze iki görnüşiniň önümçiligini ýola goýduk. Olaryň biri adaty peýnir, ikinjisi pizza taýýarlamak üçin niýetlenen peýnirdir. Üstümizdäki ýylda önümçiligiň gerimini has-da giňeldýäris. Ilkinji maksadymyz bolsa öndürilýän peýniriň görnüşlerini has köpeltmek. Aslynda, häzir hem peýniri gaýtadan işlemek arkaly, şöhlatly, kakadylan, ýumşak görnüşli peýnirleri öndürýäris. Emma mundan ozal import arkaly getirilen ähi görnüşleriň önümçiligini özümizde ýola goýmak maksadymyz. Geljekde bolsa, peýnirlerimizi eksport etmegi hem meýilleşdirýäris.

Täze önümlerimiziň arasynda bankalara gaplanan ýogurdyň hem bardygyny aýtmak gerek. Ýeri gelende aýtsak, «Elin» ilata şeýle görnüşde ýogurt hödürleýän ýurdumyzdaky ýeke-täk kompaniýadyr. Täze önümlerimiz çagalara-da, ululara-da ýarar diýip umyt edýäris!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň